Bu günki gün “Täze Aý” et kombinaty Türkmenistanda bar bolan eti gaýtadan işleýän önümçiliginiň gürrüňsiz öňde baryjysy
bolup durýar. Biziň kompaniýamyz et önümleriniň bazarynda 2005-nji ýyldan bäri üstünlikli işläp gelýär, şunda önümçiligiň ekologiki taýdan arassa
aýlawyny üpjün edip gelýär. Kompaniýanyň düýbi tutulan wagtyndan başlap, onuň esasy maksady iň ýokary hilli tebigy, ekologiki taýdan arassa et
önümlerini öndürmek boldy.
Bu günki günde önümiň 67 golaý görnüşi – şöhlatlar, büzmeçeler, seýrek et önümleri öndürilýär. Kombinatyň çäginde “halal” bilen birlikde iki sany
şöhlat öndürilýän seh, etden ýarym taýýar önümleri öndürýän önümçilik bölekleri, sowadyjy we doňduryjy kameralar, we beýleki kömekçi obýektler bar.
Et önümini öndürýän kärhananyň taslama kuwwaty – bir iş döwründe 85 tonna.
Häzirki zaman taslamasy boýunça döredilen “Täze Aý” konditer fabrikasy ýokary hilli import awtomatiki enjamlar bilen
enjamlaşdyrylandyr. Onuň önümçilik kuwwatlary bir günde 123 tonna konditer önümlerini öndürip bilýärler. Fabrikanyň goýberýän esasy önümleri: köke,
keksler, wafli önümleri, tortlar we onuň kiçi bölekleri. Bu günki gün fabrikada 7 sany esasy önümçilik hatarlary: galet kökeleri, şekerli kökeleri,
2 hatar sendwiç kökeleri, keksleriň we waflileriň 2 hatary bar bolup, olarda ýokarda görkezilen önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Olaryň hatarynda wafliniň
10 görnüşi, keksleriň 27 görnüşi, iki gat sendwiç-kökeleriň 6 görnüşi, petir kökeleriniň 17 görnüşi we şekerli kökeleriň 34 görnüşi bar.
Häzirki zaman ýokary önüdirjilikli enjamlaryň işledilmegi, önümleriň düzüm sanawynyň takyk ýerine ýetirilmegi, diňe ýokary hilli çig mallaryň we
materiallaryň ulanylmagy “Täze Aý” önüminiň esasy artykmaçlyklarynyň kepili bolup durýar. Esasy önümçilik tehniki ösüşiň ýokary derejesine eýedir.
Kökäniň, keksleriň, wafliniň önümçiligi boýunça hatarlar tutuşlygyna awtomatlaşdyrylandyr.
Konditer zawodynyň önümi Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyzystana, Hytaý Halk Respublikasyna, Mongoliýa, Owganystana eksport edilýär.
Telekeçi Orazow Guwançmyrat Türkmenistanyň çäginde süýt önümlerini we buz gaýmak öndürmek boýunça öňde baryjy öndüriji
bolup durýar. Şu günki günde buz gaýmagyň öndürilýän hatary 40 görnüşlerden durýar, süýt önümler – 30 görnüş. (7% gaýmak, 10% gaýmak, berhiz gaýmagy,
belok bilen baýlaşdyrylan gaýmak, gatyk, prostokwaşa, rýaženka, çekize, tworog, aýran, biokefir).
Bu önüm ýurdyň dükanlarynyň we bazarlarynyň tekçelerinde ýatmaýar, olary “garbap alýarlar”, özem olar daşary ýurtdan getirilen şeýle önümlerden has
arzan baha eýedir.
Ýokary hilli çig mal, häzirki zaman tehnologiki enjam ulanylmagynyň, şeýle hem hile jikme-jik gözegçilik edilmeginiň hem-de toplanan tejribäniň
hasabyna, “Täze Aý” kärhanasynyň önümi iň ýokary ülňülere jogap berýär we häzirki zaman bazarynyň talaplaryna laýyk gelýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň NINGBO TAZEAY FOOD CO., LTD ylalalşyk esasynda 2017-nji ýylda 6,0 tonna, 2018-nji ýylda – 116,6 tonna buz gaýmagyň 11
görnüşleri eksport edildi. 2019-njy ýylda eksporta buz gaýmagyň 20 görnüşiniň 24,4 tonnasy ugradyldy.