Önümçilik

2007-nji ýyldan bäri „Täze aý“ kompaniýasy konditer, buz gaýmak we şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri bilen Aşgabadyň we welaýatlaryň ýöriteleşdirilen dükanlaryny hem-de supermarketlaryny üpjün edýär. Önümçilik gymmady ýokary, ekologiki taýdan arassa, halkara ölçeglerini laýyk gelýän, bäsdeşlige ukuply, häzirki zaman ösen tehnologiýa esasynda, ýokary hil bilen taýýarlanylýan kärhananyň önümleri, halk köpçüliginiň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Dünýäniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň önümçilik sehlerinde öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Biz önümlerimiziň hilini gowulandyrmak bilen bir hatarda bahalarynyň elýeterli bolmagy ugrunda hem yzygiderli alada edýäris. Önümiň özüne düşýän gymmadyny peseltmek üçin çig maly özümizde öndürmegiň ygtybarly ýollaryny gözleýäris. Önümlerimiziň hili barlaghana merkezinde barlanylýar.


Täze Aý. Bütin haklary goranandyr © 2011